BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çärä gatnaşmaga çagyrýar

photo

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy ulag, daşky gurşaw we saglygy goramak umumy Ýewropa maksatnamasynyň çäklerinde «Geliň hereket edeliň! Köp ýöremegiň we welosiped sürmegiň 100 sebäbi» çäresine başlaýar.

Çäre adamlary, bileleşikleri işjeň hereket başlangyçlary goldamaga we ilerletmäge, maksatnamanyň tutuş sebitde ýaýramagyny höweslendirmäge niýetlenendir. Çäre saglygy goraýyş, ulag, daşky gurşaw we şäher meýilnamasy babatda hünärmenlere, raýat jemgyýetiniň wekillerine we giň jemgyýetçilige niýetlenendir.

Islendik adam «Näme üçin pyýada gezmegi ýa-da welosiped sürmegi halaýaryn?» diýen soraga jogap berýän 30 sekuntlyk wideo şekilini taýýarlamak arkaly çäräni goldap biler.

Daşky gurşaw we saglygy goramak boýunça 10-njy Bonn gepleşikleri hem 3-nji iýunda geçiriler. 

Bu çärede ylym bileleşiginiň, raýat jemgyýetiniň, döwlet we hususy pudaklaryň işgärleri çykyş ederler. Olar ýöremegiň we welosiped sürmegiň peýdalary barada bilimlerini paýlaşarlar.

Bu çäre milli, sebit we ýerli dolandyryş edaralarynda işleýän ähli ulag, saglyk, daşky gurşaw we şäher gurluşyk hünärmenleri, ylmy işgärler, pudak hünärmenleri we halk köpçüligi üçin açykdyr.

Çärä gatnaşmak üçin çäräniň ýörite saýtynda hasaba durup bilersiňiz.

Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň welosiped sürmegi durnukly ösüşi gazanmagyň serişdeleriniň biri hökmünde ýaýmak maksady bilen kabul edilen Kararyna laýyklykda döredildi.