img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, hytaý kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu forumyň ähmiýeti örän uludyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Halklarymyz...

DOWAMY
pic
25 Apr

«Ak şäherim Aşgabat» 2026: Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş

Türkmenistanda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçirmäge taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Bu çäre 24 – 25-nji maý aralygynda ýurdumyzyň paýtagtynda geçiriler. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan bu ýubileý forumy binagärlik, şähergurluşyk, senagat ösüşi hem-de durnukly geljek bilen bagly meseleleri özünde jemläp, halkara derejesinde möhüm waka bolmagyna garaşylýar. Garaşylýan çäre adatça döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, işewür toparlary...

DOWAMY
pic
23 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde, günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.  “Akorda” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Prezide...

DOWAMY
pic
23 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada geçirilen Sebitleýin sammitde ekologiýa boýunça başlangyçlary beýan etdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine gatnaşdy.  “EXPO” halkara sergiler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy. Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EX...

DOWAMY
pic
21 Apr

Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň 82-nji sessiýasy öz işine başlady. 24-nji aprele çenli dowam etjek halkara forum Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilip, onuň mowzugy “Hiç kimi ünsden düşürmezlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ähli ýaşdaky adamlar üçin jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek” diýlip kesgitlenildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyý...

DOWAMY
pic
18 Apr

Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna (ADF-2026) gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherindäki “Nest” maslahatlar merkezinde geçirildi. Forumyň şygary – “Geljegi meýilleşdirmek, nämälimlikleri dolandyrmak”. Forumyň çäklerinde birnäçe mowzuklaýyn mejlisler geçirildi we olaryň dowamynda gat...

DOWAMY
pic
13 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Forumyň geçirilýän ýeri bolan Hofburg köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maý...

DOWAMY