RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Iýul

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary

2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gondy. Uçaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyzyň awt...

DOWAMY
pic
7 Iýul

Türkmenistan we ÝHHG hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny belleýär

2022-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabatda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi. Maslahat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministr...

DOWAMY
pic
5 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisini kabul etdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça hem-de, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň geljekde has hem berkemeginiň zerurlygyny nygtamak bilen, söhbet...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nyg...

DOWAMY
pic
29 Iýun

Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi. Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Res...

DOWAMY
pic
27 Iýun

Hanoýda Türkmenistanyň wekiliýeti Wýetnamyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna sapary amala aşyrýar. Şu gün, Wýetnamyň DIM-niň binasynda türkmen wekiliýetiniň Wýetnam Sosialistik Res...

DOWAMY