SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri bilen duşuşdy
Şol günüň özünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BAE-niň wise-prezidentine, Premýer-ministrine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Ş...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýa we ÝB-niň arasyndaky özarabaglanyşyk boýunça maslahatyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Samarkand şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özarabaglanyşyk boýunça: Durnukly ösüş üçin ählumumy derweze atly maslahatyna gatnaşdy. Onda şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümet wekiliýetleri hem-de ýewropaly syýasy we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksady 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda işe gir...
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany ýörite zala...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi. Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentim...
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygyna gatnaşdy. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti we ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Josep Borrell ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaş...
Germaniýanyň "Goetzpartners Corporate Finance GmbH" we "Prodoehl Consult GmbH" kompaniýalary bilen duşuşyk barada
2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Goetzpartners Corporate Finans GmbH we Prodoehl Consult GmbH nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdy. Saparyň çäginde...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi
2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet B...