img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Mar

IFT 2026: Halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk döwlet derejesinde alnyp barylýar

IFT 2026: «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar hem-de döwlet derejesinde aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýum...

DOWAMY
pic
28 Few

Londonda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lancaster Haus binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Beýik Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Duşuşygyň barşynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Dewid Lemmi giriş sözi bilen çykyş edip, Merkezi Aziýa bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de durnu...

DOWAMY
pic
28 Few

Daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşjakdygyny tassykladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri-de telekeçiligi ösdürmek meselesi boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew iki uly çärä – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergä we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Häzir...

DOWAMY
pic
26 Few

Ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy hö...

DOWAMY
pic
18 Few

El-Kuweýt şäherinde türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi. Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Firas Al-Ouda bilen geç...

DOWAMY
pic
14 Few

«EA çözgütleri» atly hakaton bäsleşigine gatnaşjaklar bellige alnyp başlandy

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Emeli aň çözgütleri» («AI Solutions») atly hakaton bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär. Bäsleşik institut tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralýar. Çäräniň maksady emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, netijeli emeli aň taslamalaryny işläp düzmek we döretmek babatda ýaş hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden hem-de olaryň täjirçilik mümkinçiliklerine baha bermekden ybaratdy...

DOWAMY
pic
12 Few

Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Berlindäki duşuşygyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Germaniýanyň Federal Daşary işler ministri bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Gepleşikleriň esasy ugurlary energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini we beýlekileri öz içine aldy. «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky plena...

DOWAMY