SOŇKY HABARLAR
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa iş sapary
2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 1-nji oktaýbry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk
Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň esasy görkezijileriniň biri ýokary derejeli gepleşikler bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Ko...
Türkmenistanyň wekiliýeti Warşawada adam ölçegleri boýunça maslahatda çykyş etdi
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Polşa ýolbaşçylygy tarapyndan gurnalan Warşawanyň adam ölçegleri maslahatynyň esasy mejlisinde çykyş etdi. Beýanatda Türkmenistanda demokratiýanyň, adam hukuklarynyň, demokratik institutlarynyň gazananlary, kabul edilen täze kanunlar we ýurtda bolup geçýän beýleki oňyn üýtgeşmeler bellenildi. Türkmenistanda çuňňur özgerişlikleriň bolup geçýändigi, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň gurallaryny has-da kämilleşdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Gara...
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) Doly ygtyýarly maslahatynyňişine gatnaşýar
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahatynyň (PP-22) açylyş dabarasyna gatnaşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi (HEB) dünýä derejesinde sanlylaşdyrmak ugrunda öňdebaryjy halkara gurama hökmünde çykyş edýär....
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de şu baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelip görmek mümkinç...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi. Dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. A.Teksler Tü...