SOŇKY HABARLAR
Moskwada ýokary derejede türkmen-rus gepleşikleri geçirildi
2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde horma...
Merkezi Aziýanyň we HHR-yň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasaryny kabul etdi
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy. Myhman...
Türkmenistan we BMG durnukly ösüş maksatlary ugrunda hzymatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Sekretarynyň Birinji orunbasary, BMG-niň durnukly ösüş boýunça Toparynyň başlygy Amina Jeýn Mohammed bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ähli ulgamlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň we Türkmenistanda milli durnukly ösüş maksatlary...
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişlerini gurnadylar
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda giňden bellenilýän bu halkara baýramçylygy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde tassyklanyldy. Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgaz...
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Atageldi Haljanowyň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) Baş sekretary Daren Tang bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ugurlary we mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Intell...
Türkmenistanyň Ilçisi BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň täze bellenen Baş direktory bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi. Gerd M...