SOŇKY HABARLAR
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynyň netijeleri jemlendi
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabadyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işini tamamlady. Forumyň dowamynda üç ugur boýunça: «Döwlet häkimýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk», «Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak – öňe gidişligiň ygtybarly usulydyr», «Daşky gurşawyň...
Parlamentara gatnaşyklarynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetli orny barada
Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işine başlady. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda Parlamentara forumy öz iş...
Aşgabatda birinji Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda birinji Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Forum başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýdular. Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow ýygnanlara gutlag...
Döwlet Baştutanymyz Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy
2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy. Milli sportuň hem-de Halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, dünýäde Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrmaga goşan saldamly goşandyny nazara aln...
Aşgabatda Ýeňiş gününiň 77 ýyllygyna bagyşlanyp “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirildi
Şu gün, 9-njy maýda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly senesiniň bellenilip geçilmegi mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu çäreden öň ol Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy...
“Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň bäşinji mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Ruslan Kazakbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Sardor Umurzakow we R...
Türkmenistanyň DIM-de MHG-nyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň barşynda taraplar «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen bilelikde 20...