SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy
Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek bab...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2021-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNDA YNANYŞMAGYŇ DIKELDILMEGI AÝRATYN DERWAÝYSLYGA EÝE BOLÝAR»
11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bi...
Türkmenistanyň Prezidenti: «Döwletara gatnaşyklarynda ynanyşmagyň dikeldilmegi aýratyn derwaýyslyga eýe bolýar»
11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bi...
Aşgabatda Halkara parahtçylyk we ynanyşmak maslahaty geçirildi
Şu gün, 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirildi. Aşgabatda geçirilen halkara foruma Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Çärä şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Milli Geňeşiniň ýolabşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pu...
Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi
2021-nji ýylyň 8-9-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Şu gün, 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow I.Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus özara hereketleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň M...
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşary işler ministrleriň “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzümdäki duşuşygyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzüminde ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit...