img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Noý

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary başlandy.    Ertir, 28-nji noýabrda doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.

DOWAMY
pic
27 Noý

Aşgabatda YHG-niň agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler minis...

DOWAMY
pic
25 Noý

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ХХ mejlisine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda agza döwletle...

DOWAMY
pic
22 Noý

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi

Şu gün, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni...

DOWAMY
pic
22 Noý

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherinde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.   Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, 2019-njy ýylyň 1...

DOWAMY
pic
19 Noý

Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

Şu gün, 19-njy noýabrda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy G.Müşşikow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdylar. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň karz-maliýe edaralarynyň, hususy pudagynyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen alyp...

DOWAMY
pic
19 Noý

Türkmenistanyň BMG BÝKM bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodder bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen bilelikdäki işlere gysgaça syn berildi, şeýle-de öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredilip geçildi. Söhbetdeşligiň dow...

DOWAMY