SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar. Ir bilen halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra wekiliýet Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldil...
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji dekabrynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütind...
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy ulag pudagynyň wekilleri üçin okuw maslahatyny gurady
25 – 27-nji noýabr aralygynda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldawy bilen «Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwdany ýeňilleşdirmek» taslamasynyň çäginde «Ýöriteleşdirilen Logistika 2025» atly birnäçe okuw maslahatyny geçirdi. Öňdebaryjy tälimçiler Swetlana Mammedseýidowa, Anna Titowa we Karmela Nadži-Alikperowa öz tejribelerini paýlaşyp, ýükleriň klassifikasiýasynyň çylşyrymlylyklaryny, bellikleriniň aýratynlyklaryny, ulag görnüşini sa...
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy derejesine eýe boldy
21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän...
Türkmenistan wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýar
21-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Hasabata laýyklykda, resminama ýurdumyzda sanly aktiwler bazarynyň işlemegi üçin hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmek, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, möhletlerini we j...
Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Dabara Hessen federal ýeriniň Döwlet kansellariýasynyň wekilleri, maliýe institutlarynyň we bank düzümleriniň hünärmenleri, Hessende akkreditirlenen diplomatik wekil...
«Türkmentel – 2025» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde halkara startap forumy işläp başlady
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmentel – 2025» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralan halkara startap forumy işläp başlady. Forum ruhlandyryjy telekeçileri, döwlet işgärlerini we täzelikçilerini pikir alyşmak, hyzmatdaşlygy ýola goýmak we innowasiýalar gün tertibini öňe sürmek maksady bilen birleşdirdi. Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri H.Hudaýguly...