SOŇKY HABARLAR
Telefon söhbetdeşligiň barşynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyň işjeň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün 5-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Mereowdyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Taraplar şeýle-de 2021-nji ýylda Hökümetara toparyň mejlislerini geçirm...
Türkmenistanyň DIM ABŞ-nyň Ilçihanasy bilen bilelikde fotosergi gurnady
2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan fotosergi gurnaldy. Çärä Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet ins...
Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary b...
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň derwaýys ugurlary telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de A.Kamilowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Şöhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklarynyň dowamynda berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berildi. Şu nu...
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taý...
Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy. 30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenista...
Gadymy dessurlara we köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk
2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, onuň barşynda özarabähbitli türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän ýurduň Baş metjidinde agzaçar sadakasyn...