SOŇKY HABARLAR
Türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy bilen duşuşygy
Şu gün, 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.W.Mişustin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini nygtap, iki döwle...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini giňişleýi...
Türkmenistanyň we RF-nyň arasynda maliýe meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mükinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň «Russiýanyň eksport-import banky» PJ-niň, Russiýa Federasiýasynyň «ВЭБ» döwlet ösüş korporasiýasynyň, Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň, «Sberbank» AGPJ-niň hem-de «Transkapitalbank» bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan b...
Türkmenistanyň milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýis-topar ýolbaşçysy Moskwa bolan iş saparynyň dowamynda birnäçe duşuşyklary geçirdi
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýis-topar ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew birnäçe duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklere şeýle-de «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Şunlukda, «ФКП «Российская государственная цирковая компания» döwlet sirk kompaniýasynyň Baş direktory S.Belýakow we Moskwanyň uly döwlet sirk kompaniýasynyň Baş...
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň birinji Prezidenti – Nursoltan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen guralan çäre Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde onlaýn görnüşine geçirildi. Sammite Türki geňeşiň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer-mi...
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň, şeýle-de söwda-ykdysady, energiýa, himiýa senagaty, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, “Hormatly akademik N.F.Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiolo...
Halkara forumyň “Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri” atly birinji bölümi
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri” atly bölümiň mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen we daşary ýurt alymlary, taryhçylary we dilçi alymlary, Türkmenistanyň we daşary ý...