img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Apr

Gadymy dessurlara we köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, onuň barşynda özarabähbitli türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän ýurduň Baş metjidinde agzaçar sadakasyn...

DOWAMY
pic
28 Apr

Parlament ýolbaşçylarynyň Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylar bu forumyň geçirilmeginiň öz wagtyndalygyny belläp geçdiler

Parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny»  atly şu günki duşuşygynda bu forumyň derwaýys ähmiýeti nygtaldy.  Şunlukda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şu duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, ynanyşmagyň ykdysadyýet, ekologiýa, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda global...

DOWAMY
pic
28 Apr

Aşgabatda Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Aşgabatda Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň binasynda «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyk wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Forumyň işine 15 ýurtdan ýokary wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa kä...

DOWAMY
pic
26 Apr

Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministri Ýuliý Edelşteýniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna gol çekmek dab...

DOWAMY
pic
23 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministri “C5+1” görnüşdäki ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy

Şu gün, 23-nji aprelde «С5+1» formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn duşuşygy geçirildi, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynyň ABŞ bilen hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Wideomaslahatyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «С5+1» işine gatnaşýan taraplaryň ählisiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ekologiýa we beýleki ulgam...

DOWAMY
pic
22 Apr

Aşgabatda Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça dialog geçirildi

2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde Halkara Ýer gününiň bellenilmegi mynasybetli göni wideoaragatnaşyk arkaly «Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog» geçirildi.  Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, ugurdaş ýokar...

DOWAMY
pic
21 Apr

Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-niň edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-niň edarasynyň (BMG-Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. “BMG-Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasy bolup, ol BMG-niň ulgamynyň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçilikler...

DOWAMY