SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawynda orun aldy
?Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşiriniň setirlerinde ýerleşdiler. «THE Impact Rankings» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär hem-de netijeliligiň esasy ählumumy sanawy bolup durýar. Şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen we durmuş-ykdys...
Türkmenistan ynsanperwerlik goldawyny berýär
Türkmenistan halkara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, şeýle hem özüniň hemişelik oňyn bitaraplyk derejesi esasynda, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri amala aşyrýar. Bu çemeleşmäniň aýdyň subutnamasy hökmünde soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbu...
Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşy geçiriler
15 – 19-njy iýun aralygynda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrüljek bu ýaryşa dünýäniň köp sanly döwletlerinden, şeýle-de Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly türgenler gatnaşarlar. Elbetde, Aşgabatda şeýle derejeli halkara ýaryşlary ilkinji gezek geçirilmeýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünlikli geçirildi, oňa 62 d...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary mälim edýär. Türkmen tarapy häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň...
Aşgabatda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka açyldy
Şu gün ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy gazananlaryny, täze öndürýän önümlerini tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amat...
KHBS üçin maglumat
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu n...
Frankfurt şäherinde Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Çärä diplomatlar, işewürler toparynyň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda konsul M.Ozbekbaýew çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti hem-...