SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda myhman Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp, bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Mikail Jabbarow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Türkmenistan...
Türkmenistanyň Prezidenti Аzerbaýjan Respublikasynyň Ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi. Ilçi Prezident Serda...
Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri bilen geçirilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatalla Elzuni bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ugrundaky gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmenistanyň we Liwiýanyň arasynda ylym-bilim, sport ulgamynda gatnaşyklary ilerletmek, iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dürli forumlary we çäreleri...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan b...
Arkadag şäherinde Halkara ýaşlar forumy geçirildi
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişellik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumy geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assamble...
Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismet Fizuli ogly Gezalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-dipl...