SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanly türgenleriň “Aziýanyň çagalary” atly birinji gyşky halkara sport oýunlara gatnaşmagy
2019-njy ýylyň 9-njy fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Sahalin oblastynyň merkezi bolan Ýužno-Sahalinsk şäherinde “Aziýanyň çagalary” atly birinji gyşky halkara sport oýunlary açyldy. Oňa 20 ýurtdan 28 topar gatnaşýar. Bu oýunlara gatnaşyjylar sportuň 8 görnüşi boýunça, ýagny biatlon, lyžhaly bäsleşmek, figuralaýyn typmak, snoubord, dag lyžha sporty, hokkeý, konkili typmak (şort-trek) we lyžhaly tramplinden bökmek ýaly görnüşler boýunça ýaryşýarlar. Gatnaşyjylaryň ýaşy 16-dan uly bolmaly däl....
Türkmenistanyň Prezidentiniň taryhy çykyşyny TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ara alnyp maslahatlaşyldy
2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün ýagny, 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan netijeler hakynda maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň ýolbaşçylary we işgärleri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatna...
Germaniýada Türkmen-german işewürler maslahaty geçirildi
2019-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetininiň Başlygynyň Orunbasary, Söwda we ykdysadyýet boýunça Türkmen-german iş toparynyň türkmen tarapyndan başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy. Işewürler maslahatynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy başlygy Mihael Harms hem-de Germaniyanyň degişli hökümet we hususy guramalaryň wekilleri çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germa...
Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine ýokary derejede taýýarlyk görülýär
Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede geçirmek üçin görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan media-forumy hazarýaka döwletleriň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýylyň başyndan bäri degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen kons...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere täze itergi berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Döwlet Baştutanymyz umumymilli maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilen wajyp wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeler bolsa bu ulgamda oba hojalygynyň düşewüntlilig...
Bakuda türkmen halylarynyň we dokma önümleriniň sergisi açylýar
Şu ýylyň 15-18-nji fewralynda Azerbaýjanyň paýtagtynda türkmen el halylarynyň, milli şaý-sepleriň we dokma önümleriniň sergisi gurnalar. Türkmenistanyň Bakudaky diplomatik wekilhanasynyň we dostlukly ýurduň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň gurnaýan segisi Azerbaýjanyň haly muzeýinde bolar. Sergä gelýänler çeper elli türkmen zenanlarynyň dokan bezegleredir reňklere baý, owadanlygy hem hili babatda özboluşly, ýüň we ýüpek halylar, haly önümleri...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Geçen 2018-nji ýyl ulag we aragatnaşyk düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň ýyly hökmünde Watanymyzyň ýylýazgysyna girdi. Bu strategiki taýdan möhüm ulgamda geçirilýän işler dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Bu ýol köp asyrlary...