SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda «Halkara sport güni - parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly forumy geçirildi
2019-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda «Halkara sport güni - parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly halkara forumy geçirildi. Forumyň işine Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2019-njy ýylyň 4-6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Moskwa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe resmi we iş duşuşyklaryny geçirdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus t...
Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz 1-nji aprelde geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda bu meselä degip geçmek bilen, T...
BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Ilçihanalaryň press-attaşeleriniň, halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, BMG-niň Türkmen...
BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekiliýeti bilen duşuşyk
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komendanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ulgamynda işleriň gurallaryny kämilleşdirmegiň geljekki ädimlerini we mümkinçiliklerini...
Türkmenistan halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny kämilleşdirýär
Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalaryna gatnaşmak arkaly Türkmenistan bu resminamalaryň kadalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iş ýüzünde degişli hereketleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzü...
«Howdan - Bajgyran» sebitinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde «Howdan - Bajgyran» sebitiniň golaýynda Halkara Nowruz güni baýramçylygynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasy bilen birlikde guranalan dabaraly çäre geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ahal welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Eýran tarapyndan dabaralara hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk boýunça guramasynyň Wise-prezidenti we baş...