SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KOREÝA-MERKEZI AZIÝA DOSTLUK ASSOSIASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Assosiasiýanyň prezidenti türkmen tarapyna myhmansöýer garşylandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ GÜNLERINIŇ” AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň” açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş un...
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy
Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz 735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda degişli Permana gol çekdi. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, harby ýokary okuw mekdepleriň talyplary we köpçülikle...
Lebap welaýatyna ýer gazýan tehnikalaryň täze tapgyry gelip gowuşdy
Täze döwrebap gyrmança çykaryjylaryň uly tapgyry “Garagumsakagurluşyk” önümçilik müdirýetiniň ýer gazýan tehnikalarynyň üstüni ýetirdi. Amyderýadan gözbaş alyp gaýdýan Garagum derýasynyň uzynlygy 220 kilometrlik baş böleginde Gollandiýadan getirilen 30-a golaý döwrebap gyrmança çykaryjylaryň ekipažlary gije-gündüziň dowamynda nobatdaky wahta durup başladylar. Täze ýer gazýan maşynlar diňe bir kämil nawigasiýa enjamlary bilen däl, eýsem ekipaž üçin amatly iş we dynç alyş şertleri, iň esasy-da,...
Türkmen wekiliýeti BMG-de suwdan peýdalanmak boýunça iş maslahatyna gatnaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde “Ählumumy bähbitler ugrunda suwdan peýdalanmak: ýapyk deňizler babatda Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanyp, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi” diýen iş maslahaty geçirildi. Ol şeýle hem Araly halas etmegiň meselelerine bagyşlandy. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýardam bermeginde guralan foruma Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji...
AŞGABATDA ABU-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler öz işine başlady. Bu foruma bagyşlanyp “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýöriteleşdirilen sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasynda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Sekretary Dr. Javad Mottagi çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy. BMG-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylap, forumyň işine gatnaşýandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Antoniu Guterreş häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça oňyn sebit we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, hormatly Preziden...