SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Ilçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýo...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly...
Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle-de, Türkmenistan b...
Aşgabatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlanan halkara ylmy - amaly maslahat we sergi geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň netijelerine bagyşlanan halkara ylmy - amaly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, KHBS, Aşgabat we Arkadag şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda a...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 26-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr...
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi
2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu kararnama 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegi...
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi
BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan şu aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek...