SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy....
Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapar bilen ugrady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Karl III maşgalasynyň çakylygy boýunça sapar bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýlandygyny bellemek gerek. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen 50-nji mejl...
Balkan welaýaty senagat ösüşini çaltlandyrýar we ägirt uly taslamalary durmuşa geçirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň anna güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Balkan welaýatynyň depginli ösüşiniň hemmetaraplaýyn seljermesi hödürlendi. Ýurduň ägirt uly senagat we logistika mümkinçiliklerine eýe bolan günbatar sebiti 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda täsirli netijeleri görkezdi. Sebitiň mümkinçilikleriniň dünýä derejesine çykandygyny tassyklaýan esasy waka — “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ilkinji ýerli “G...
Awaza – halkara dialogyň merkezi: Türkmenistan 2026-njy ýylyň sammitlerine taýýarlanýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iri halkara forumlaryny geçirmek boýunça meýilnamalara garaldy. Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýurt hökmünde GDA giňişliginde hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça işlerini dowam etdirýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşar...
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şu mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy boldy. Ýurdumyzda Ýeňiş güni nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllarda ad...
Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Pnompen şäherinde Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we daşary işler ministrli...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri yzygiderli dowam etdirmek we syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen,...