SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Аzerbaýjan Respublikasynyň Ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi. Ilçi Prezident Serda...
Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri bilen geçirilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatalla Elzuni bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ugrundaky gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmenistanyň we Liwiýanyň arasynda ylym-bilim, sport ulgamynda gatnaşyklary ilerletmek, iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dürli forumlary we çäreleri...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan b...
Arkadag şäherinde Halkara ýaşlar forumy geçirildi
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişellik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumy geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assamble...
Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismet Fizuli ogly Gezalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-dipl...
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” form...
Türkmenistan we GFR köptaraply hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ugrunda
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Ygtyýarly wekili Matias Lýuttenberg bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar we i...