SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. ÝHHG-niň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, oňyn syýasaty alyp barýan hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyryl...
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýa...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarla...
Aşgabatda türkmen-fin DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Finlýandiýa tarapyna Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Baş müdiri Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçi...
Şertnamalaýyn-hukuk binýady tükellemek meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi
2023-njy ýylyň 31-nji maýynda Buharest şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklary...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Parlamentiniň Başlygy bilen duşuşdy
30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy. Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň maksady hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kanunçylyk esasynda berkidilmeg...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
30-njy maýda Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy. EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam etdirýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady....