SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Fe...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin...
Türkmenistanyň Ilçisi Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ib...
Türkmenistanyň DIM-nde GFR bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Bundestagynyň deputaty Peter Baýeriň ýolbaşçylygyndaky nemes wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredip geçdiler. Bu ugurda iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem tassyklanyldy. Saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, oba hojalyg...
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bilele...
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrini kabul etdi
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pales...
Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitine ynsanperwer kömegini iberdi
Oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna, türkmen halkynyň ynsanperwer däplerine we ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde bolup geçen tebigy hadysalary göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny bilen bilelikde d...