SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäginde ikiçäk görnüşde başlanan ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gepleşikleriň dowamynda belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowa...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň we Namoýandagon Majlisiniň Başlyklary bilen duşuşyklary
Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Onuň jemleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyry açýar. Şol gatnaşyklar parlamentleriň ugry boýunça hem uly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurt...
Türkmenistanda Tailand Patyşalygynyň Ilçisi işe başlady
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Apirat Sugondhabhiromdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat mähirli...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününe bagyşlanyp Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Ozal habar berilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşl...
Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Bilelikdäki türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri U.Usmonzoda açdylar. Foruma iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň 250-den gowrak wekili gatnaşdy. Iş...
Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Jumahonzoda ýolbaşçylyk etdiler. Bu çäräniň maksady, ilkinji nobatda, işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakdan, iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň arasynda iler...
Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň mejlisler otagynda “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek: meseleler we geljekki mümkinçilikler ”atly mowzuk boýunça tegelek stol geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekili...