img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Maý

Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar

Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şu mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy boldy. Ýurdumyzda Ýeňiş güni nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllarda ad...

DOWAMY
pic
8 Maý

Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Pnompen şäherinde Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we daşary işler ministrli...

DOWAMY
pic
8 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri yzygiderli dowam etdirmek we syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen,...

DOWAMY
pic
7 Maý

Türkmenistan we Gruziýa Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 5-nji mejlisi geçirildi

7-nji maýda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýa...

DOWAMY
pic
7 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi

7-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Gruziýanyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidentine şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhame...

DOWAMY
pic
7 Maý

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre Watan goragçylarynyň ýadygärligini hormat bilen ýatlamaga gelen tomaşaçylardan doly boldy. Hormatly weteranlarymyz dabaranyň esasy myhmanlaryna öwrüldiler. Agşamda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky...

DOWAMY
pic
6 Maý

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine

2026-njy ýylyň 6–8-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar. Forum Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär we onuň temasy – «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» – ITF-iň 2025–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen ulag durnuklylygy bilen bagly üç ýyllyk sammitler maksatnamasynyň ikinji bölegidir. Forumyň meýdançasynda ITF-ä agza 69 döwletiň ulag ministrleri, öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryň...

DOWAMY