SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtal...
Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrleriň arasynda söhbetdeşlik geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda gepleşikler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şol sanda ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýo...
2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça mejlis barada
2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüinde, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabatdaky BMG gurluş düzümlerini...
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler. Bu ýerde sammitiň öňüsyra...
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähmiýet bermek bilen, taraplaryň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we täze tapgyra gadam basan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mund...
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdirilýän hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady ugurda Türkiýäniň uzak möhletli ygtybarl...
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
14-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşdy. Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljek ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşmagynyň barşynda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmek üçin uly mümkinçili...