SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 18-nji we 19-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler Ministri ýurdumyzyň bu ugurdaky giňmöçberli we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen işini bellemek bilen, ýurdumyzyň sanly we “ýaşyl tehnologiýalar” ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşyjylara atmosf...
Türkmen wekiliýeti Ženewada birnäçe duşuşyklary geçirdi
2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň Portugaliýanyň daşary işler Ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekligiň meselelerine seredildi. Mundan başga, 18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Bütündünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamyn...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ženewada geçiren duşuşyklary barada
2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Ženewada iş saparynda bolýan türkmen wekiliýeti birnäçe halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory T.Walowaýa bilen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda aýratyn orun howpsuzlyk meselelerine, ýaýradylmazlyk tertibiniň saklanylmagyna, şeýle he...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna iş sapary barada
2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň halkara iri çärelere gatnaşmak hem-de halkara guramalarda duşuşyklary geçirmek üçin Ženewa sapary başlandy. Şol günüň özünde Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyna (SPEСA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan forumda çykyş etmek bilen, SPEСA-ny mundan beýläk-de kämilleşdir...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýýandygyny belläp, Arkadag T...
Samarkantda “Merkezi Aziýa-Russiýa” formatynyň 6-njy ministrler duşuşygy geçdi
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkantda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar bu formatyň wajypdygyny nygtadylar, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de iň ýokary we ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen b...
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi barada
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dar we giňişleýin düzü...