SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Diplomatik işgärleriniň güni bellenildi
2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Baýram, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary bilen geçirilýän 2023-nji ýyla bagyşlanan sergi bilen tanyşlyk bilen başlandy. Soňra türkmen diplomatik işgärleriniň baýramyna bagyşlanan "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahat g...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de R...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Rus...
Daşary ýurtlaryň täze bellenen Ilçileriniň ynanç hatlary kabul edildi
2023-nji ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa daşary ýurt döwletleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri – Çehiýa Respublikasynyň Ilçisi Waslaw Ýilegi, Kuba Respublikasynyň Ilçisi Karlos Enrike Waldesi, Awstraliýanyň Ilçisi Greým Mihan Leslini, Şwesiýa Patyşalygynyň Ilçisi Tomas Danestady, Mongoliýanyň Ilçisi Dorž Baýarhuuny we Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi Andre Karstensiň...
Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri bilen onlaýn duşuşygy
2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň barşynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada ähmiýetli pikirler alyşyldy. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem iki ýurd...
Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildir...
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy. Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi. Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý...