SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arz...
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy. Söhbetdeşler emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan be...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Sammit Garaşsyzlyk köşgünde geçirildi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II mähirli garşyladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşd...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri ga...
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara Awstriýada möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirl...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada wekiliýetiň uly düzümi bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Kristin Şwars-Fuks bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary depginler bilen ösdürilýändigini bellediler. Türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary döwlet dere...