img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçiriljek ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýo...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, dürli görnüşli senagat harytlary görkezilýär. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary dereje...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Han Son Sukuň arasynda duşuşyk geçirildi. Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýandygyny belledi. Şeýle hem hanym Han Son Suk Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen döw...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ir bilen Türkmenistanyň döwlet Baştutany Koreýa Respublikasynyň Milli gahrymanlarynyň ýadygärligine bardy. Türkmenistanyň Prezidenti Koreýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Soňra Türkmenistanyň döwlet Baştutany koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň nyş...

DOWAMY
pic
14 Sen

Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda...

DOWAMY
pic
9 Sen

«C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Merkezi Aziýa döwletlerini we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda «C5+1» formatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň amaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar hem-de köptaraplaýyn hyz...

DOWAMY
pic
9 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Lýuk Pýer Dewin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Lýuk Pýer Dewini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda üstünlikler arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşyldy. Taraplar yzygiderli gepleş...

DOWAMY