SOŇKY HABARLAR
2020-nji ýylda Türkmenistanda ýurduň bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million agaç nahallary ekiler
2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Bu san ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhlelendirýändir. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sand...
Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär
6-njy noýabrda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Wise-premýer öz çykyşynda «Medeni-ynsanperwerlik ulgamy GDA döwletleriniň we halklarynyň berk we ygtybarly binýady bolmagynda galýar», - diýip belläp geçdi. Bu ugurda türkmen tarapynyň ylym, medeniýet we sport ugry boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam et...
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşmagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändir
Şu gün, 6-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki işleriň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aýratynlyklaryna seredilip geçildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow assosiirlenen agzasy hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň...
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi
2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri S.Žaparow, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Ru...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça işjeň häsiýetini belläp geçdiler. BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde...
Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forum – ýurtlaryň medeni-ynsanperwer dialogy üçin täze meýdança
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Seulda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forum wideomaslahat görnüşinde geçirildi, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny jikme-jik beýan etdi. Prezident umumy taryhy, medeni we siwilizasion gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda medeni-ynsanperwe...
Ykdysady hyzmatdaşlyk – Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumynda ileri tutulýan ugur
Öň hem bellenilip geçilişi ýaly, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin netijeli meýdança öwrülen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň wajyplygyny nygtady. Bu dünýädäki söwda-ykdysady gatnaşyklara ýiti täsir eden häzirki global pandemiýa döwründe has hem derw...