SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti ýewraziýa giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti belläp geçdi
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleriniň birnäçesini ileri tutdy. Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «taryhy taýdan biziň yklymymyz ýygjam we köptaraply gatnaşyklaryň tebigy giňişligi gökmünde orta çykyp,...
Türkmenistan awtomobil ulagy ulgamynda içerki mümkinçiliklerini artdyrýar
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we käbir pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýal...
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Foruma döwlet baştutanlary, görnükli syýasatşynaslar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, bilim, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlete dahylly bolmadyk gura...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisine gatnaşdy
Şu gün, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Hindistanyň Daşary işler ministri S.Jaýşankaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020» Halkara ýubileý forumy öz işine başlady
2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020» atly ýubileý XXV Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu abraýly halkara forum «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleri tarapyndan «Тürkmenforum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Ýokary derejeli maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli, şonuň ý...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Hökümetiniň baştutany ilki başdan birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Pr...
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Birleşen Milletler Guramasy: Halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahat geçirildi. Maslahat bilen ugurdaşlykda bu şanly senelere bagyşlanan adybir sergi hem geçirildi. Maslahatyň işine ýurdumyzyň birnäçe...