SOŇKY HABARLAR
OGT 2025 güýçli depgin bilen dowam edýär: 100-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy hem-de energetika pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri çykyş etmek üçin çagyryldy
2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu halkara forumyň nobatdaky sanynyň ýyllyk baýramçylyk çäresi hökmünde geçirilmegi garaşylýar. Häzirki wagta çenli dünýäniň dürli ýurtlaryndan 100-den gowrak wekiliň foruma gatnaşjakdygy resmi taýdan tassyklanyldy. Bu çäre halkara energetika jemgyýetçiligi üçin ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri b...
«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi
Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 34 ýyllyk baýramynyň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna guralýan dürli çärelerdir dabaralar, maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler ýokary derejede geçirilýär. Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry hem şeýle täsirli çäreleriň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň...
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hanym Kallas Eýrandan öz ýurtlaryna gaýdan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlygyny beýan etdi. Taraplar Türkmen...
“Commerzbank AG” bankynda geçirilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Germaniýanyň maliýe paýtagtynda — Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frankfurt şäheri) konsuly M. Özbekbaýew bilen “Commerzbank AG” bankynyň Maliýe institutlary bilen işleşýän bölüminiň uly menejeri, direktory Andreý Kononow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bankara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Commerzbank AG” bankynyň Türkmenistanyň maliýe edaralary bilen uzak möhletleýin...
OGT 2025 – Energetikada 30 ýyllyk liderlik
Eziz Diýarymyzyň paýtagtynda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahaty we sergisiniň (OGT 2025) resmi hasaba alyşy şu wagtdan başlap açykdyr. Geçen üç onýyllygyň dowamynda OGT maslahaty we sergisi Merkezi Aziýanyň energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň we pikir alyşmalaryň ösmegine ýardam edýän, öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalaryny, maýa goýujylary, hökümet wekillerini hem-de tehniki hünärmenleri birleşdirýän öňdebaryjy...
Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň DIM-leriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatl...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýakyn wagtda duşuşmak hem-de her ýylda guralýan ikitarapla...