img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Iýun

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler Ministri Seýed Abbas Arakçiniň Türkmenistana sapary boldy. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri, hususan-da häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda emele gelýän ýagdaý barada piki...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Birleşen Patyşalygyň Döwlet ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dautiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaý bilen baglanyşykly Birleşen Patyşalygynyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu ädi...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Italiýanyň wekilleri Türkmenistanyň Aral ýakasynyň ekotaslamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň Aral ýakasyndaky sebitiniň – Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň – tebigy-howa şertleri 16-18-nji iýun aralygynda geçirilen türkmen-italýan bilelikdäki ekspedisiýasynyň dowamynda barlanyldy. Işiň maksady – Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän täze sebitleýin ekologiýa taslamasynyň platformasyny döretmekdir. Işler innowasiýalaryň ulanmagy arkaly ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdiriler, suw we ýer ulgamlary...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Türkmenistanyň ýardam bermegi bilen 4000-e golaý adam Watanyna dolanyp geldi

Türkmenistan ynsanperwer geçelgeleri arkaly Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün edýär. Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda şu güne çenli 52 sany döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Ähli haýyşnamalar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda haýal etmän işlenilýär.

DOWAMY
pic
23 Iýun

Aşgabatda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Expo» kompaniýasy bilen bilelikde guraýar.  Çäre çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda möhüm waka, çagalaryň bilim hem-de ösüş pudagynda pikir we tejribe alyşmak üçin meýdança bolar diýlip çaklanylýar. Sergi çagala...

DOWAMY
pic
22 Iýun

KHBS üçin maglumat. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin oňyn tejribesini aýratyn bellediler. Iki döwletiň daşary...

DOWAMY
pic
21 Iýun

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawynda orun aldy

?Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän  täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşiriniň setirlerinde ýerleşdiler.  «THE Impact Rankings» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär hem-de netijeliligiň esasy ählumumy sanawy bolup durýar. Şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen we durmuş-ykdys...

DOWAMY