SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmagyň ýolunda
2020-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynd...
Türkmenistanyň Prezidenti wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki dilli Geňeşiň Sammitine gatnaşdy
Şu gün, 2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy bolup durýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen Sammit Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlaryny özünde jemledi. Çärä şonuň ýaly-da Wengriýanyň Premýe...
Türkmenistan we BMG işjeň gatnaşyklaryny dowam edýärler
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky...
BMG-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri ähmiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirýän ähmiýetli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Tarap...
Daşary işler ministri BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça tagallalary aýratyn bellenilip geçildi. Taraplar sebit...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar. Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wa...
Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň barşynda özarahereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aziýa ösüş bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda wideo-maslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Wideo-duşuşyga ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de Merkezi bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de Aziýa ösüş bankynyň Filippinlerde (Manila ş.) ýerleşen Baş edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Wideomaslahatyň barşynda taraplar ha...