SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2020-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ony geçen Halkara Nowruz güni bilen gutlady we doganlyk Tatarystanyň halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen-russiýa strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň sebitl...
Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
2020-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda taraplar ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün, 27-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şeýle-de özara gyzyklanma döredýän beýleki sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti goňşy döwletiň Baştutanyna şu gün iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna gelip, bu ýerde ýaşaýan özbek dogan...
Türkmenistan daşty gurşawy goramak bilen baglanyşykly halkara resminamalaryň birnäçesine goşulmagy meýilleşdirýär
2020-nji ýylyň 26-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi we onda döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG we beýleki abraýly guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda tebigaty goramak hem-de ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bel...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün, 24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy, onuň barşynda türkmen Lideri özüniň owgan kärdeşini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini nygtamak bilen, Prezidentler iki ýurduň we halklaryň, şonuň ýaly-da halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine gönükdirilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn...
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri telefon arkaly wajyp meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar
2020-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimini, şol sanda, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ynanyşmak we açyk häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary barada aýratyn belläp geçdiler. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmeg...
Türkmenistan doganlyk Eýrana ynsanperwerlik kömegini berýar
Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.