img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Dek

Türkmenistanyň wekiliýeti «Italiýa we Merkezi Aziýa: özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy we arkalaşygy berkitmek» atly halkara maslahatyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Italiýanyň Rim şäherinde «Italiýa we Merkezi Aziýa: özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy we arkalaşygy berkitmek» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy. Bu «Italiýa we Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji duşuşyk bolup, ol sebitiň ýurtlarynyň we Italiýanyň hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň we ýollarynyň kesgitlenilmegi üçin giň mümkinçilikleri döreder. Maslahatyň barşynda oňa...

DOWAMY
pic
13 Dek

Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp, taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltm...

DOWAMY
pic
11 Dek

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hemişelik Bitaraplygyň 24-ýyllygyna bagyşlanyp ylmy maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk ” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolba...

DOWAMY
pic
10 Dek

Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynyň tassyklanylmagyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen Mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýada...

DOWAMY
pic
10 Dek

Türkmenistanda “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyna” bagyşlanan duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyna” bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä BMG-niň...

DOWAMY
pic
9 Dek

Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýadan gelip çykýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça  2020 - 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasyndan gelip çykýan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Bu resminama 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen kabul edildi. Duşuşyga ýurdumyzda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, hususan-da, BMG-niň Tü...

DOWAMY
pic
9 Dek

Ahal welaýatynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi hem-de Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýerleşýän Ak Bugdaý muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekili, şeýle hem Ahal wela...

DOWAMY