SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen giňeldilen mejlisine bagyşlanan brifing geçirildi, onuň barşynda garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi. Brifinge Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň we wekilhanalarynyň, ýolbaşçylary, daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýerli köpçülikleýin ha...
Aşgabatda Aziýanyň futzal boýunça 2020 çempionatynyň bije atmak dabarasy geçirildi
Şu gün, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzyň «Оlimpiýa» myhmanhanasynda Aziýanyň futzal boýunça 2020 çempionatyna gatnaşjak toparlaryň arasynda bije atmak dabarasy geçirildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit derejesindäki bu çäräniň geçirilmegi hakyndaky degişli resminama gol çekdi. Bije atmak dabarasynyň jemlerinden belli bolşy ýaly, Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary bilen bir topara düşdüler.
Brýusselde Türkmenistan – ÝB Parlamentara mejlisi geçirildi
2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Brýusselde 5-nji Türkmenistan – ÝB Parlamentara mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy. Parlamentara mejlisiniň iş sessiýasyna Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy F.Martuşiýello hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iş...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylygy ýurtlary bilen gatnaşyklar müdirliginiň Baş direktory hanym Adriana Staneskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça iki ýurduň DIM-niň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylary derejesindäki geňeşmeleriň üstünlikli geçirilendigi barada belläp, taraplar ikitara...
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de halkara we ýerli KHBS wekil...
Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 2019-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşgyň barşynda Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň adyna Imperatoryň tagta geçmek dabarasyna gatnaşmak üçin ýollan çakylygy hem-de bu çäreleriň dowamynda görkezilen ýokary myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk haty gowş...
EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy
2019-njy ýylyň 29-30-njy noýabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi. Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistany...