img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Few

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tunis Respublikasyna iş sapary

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tunis Republikasynda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Tunis Republikasynyň Prezidenti Beji Kaid Es Sebsi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hormatyny beýän etdi hem-de häzirki döwürde türkmen-tunis gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginiň wajyplylygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki döwletiň halkara giňişliginde, esasa...

DOWAMY
pic
9 Few

Türkmenistanyň Ilçisi Hindistan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowinde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetir...

DOWAMY
pic
8 Few

DÖM ULGAMYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEÝLETIN MILLI SYNYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇDIRILDI

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparynyň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady DÖM ulgamynda Türkmenistan...

DOWAMY
pic
7 Few

В Туркменистане завершились зимние орнитологические учёты

В феврале подводятся итоги зимних орнитологических учётов, которые в нашей стране проводятся на протяжении более полувека и являются важным компонентом международных программ контроля за динамикой численности водоплавающих и околоводных птиц в Северной Евразии. Об итогах полевых экспедиций орнитологов последних месяцев рассказывает председатель координационного комитета Рамсарской региональной инициативы Центральной Азии, доктор биологических наук, профессор Эльдар РУСТАМОВ: - На сегодняшний...

DOWAMY
pic
7 Few

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar uçastok we okrug toparlarynyň işgärleri üçin seminarlary gurady

Türkmenistanda 31-nji martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlawlara taýýarlyk we olary geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 4-nji we 5-nj fewralda welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy. Okuw-türgenleşikleri olaryň hünär mümkinçiligini we hukuk bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Duşuşyklard...

DOWAMY
pic
7 Few

Türkmenistan Demirgazyk Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 2019-njy ýylyň 7 — 9-njy fewraly aralygynda Tunis Respublikasynyň Tunis şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Milli Liderimiziň yzygiderl...

DOWAMY
pic
7 Few

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.  Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy parti...

DOWAMY