img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Few

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna baýrak gowşuryldy

Şu gün Esenguly etrabynyň merkezinde baýramçylyk öwüşginli dabara boldy. Bu ýerde 2018-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda guralan bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen etraba ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki mynasyp bolan baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular hem-de et...

DOWAMY
pic
6 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassy...

DOWAMY
pic
6 Few

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow TDH-a interwýu berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler minstri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykdan soň TDH-nyň habarçysyna interwýu berdi: Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow bilen söhbetdeşligiň barşynda men Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putiniň mähirli salamyny, Türkmenist...

DOWAMY
pic
6 Few

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler

2019-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk...

DOWAMY
pic
5 Few

«Açyk gapylar» we oňyn bitaraplyk syýasaty

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giňden ykrar edilen, ösüşlere beslenen täzeçillik syýasaty netijesinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda Türkmenistan halkara abraýyny has-da artdyryp, parahatçylykly daşary syýasatyny, demokratik özgertmeleri, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi. Şeýlelikde, geçen ýyl Mejlisiň VI çagyrylyşyny...

DOWAMY
pic
5 Few

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl

Türkmenistan öz ösüşiniň nobatdaky tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda tassyklanan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge girişýär. Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulgamynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu iş eýýäm başlandy — milli Lideri...

DOWAMY
pic
5 Few

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018 ýyl: maliýe-ykdysady ulgam

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr. Bu ulgamda hasabat döwründe bolan wakalaryň syny hem-de esasy makroykdysady görkezijileriň seljermesi döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny...

DOWAMY