SOŇKY HABARLAR
Garabogaz karbamidiniň ilkinji tapgyry daşary ýurtly sarp edijilere ugradylmaga taýýar edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde açylan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gazhimiýasy senagatynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi. Bir aý mundan ozal Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy, bu desga hem batly gadamlar bilen ösýän gazhimiýa senagatynyň ösmeginde möhüm tapgyr boldy. “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GYÝANLYDA GAZHIMIÝA TOPLUMY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy bolan polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gyýanly şäherçesine bardy. Bu dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň, şeýle hem daşary ýurt kompa...
Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “LG International Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Song Çi Hony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Günorta Koreýanyň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de milli Liderimiziň baştutanlygynda netijeli halkara gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändikl...
Türkmenistanyň Prezidenti “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyp, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hem-de ykdysady ösüşiň uly kuwwatynyň ýurdumyza belent halkara abraýyny, ygtybarly, durnukly we jogapkärli...
GYÝANLY POLIMER ZAWODYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Gyýanly Polimer zawodynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ýylda 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge ukyply bu ägirt uly kärhananyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň dünýä bazarynda islegleri kanagatlandyryp, şeýle hem eksport mümkiçiligini artdyrar. Bu z...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgam...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ 139-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 14–15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler Ženewa şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy. 14-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň çäginde Zenan deputatlaryň forumynyň 28-nji mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny goramak hem-de giňeltmek boýunça kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigi, şeýle-d...