img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Ýan

Watana wepaly bolmak — ata-babalarymyzyň mukaddes wesýeti

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan, parahatçylyk söýüjilikli, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ileri tutulýan ugry döwletimiziň howpsuzlygyny üpjün etmekden, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny goramakdan ybaratdyr. Hut şu babatda hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de ösdürmek işleri amala aşyrylýar. Ýaragly Güýçlerimiz parahatçylygyň, Watanymyz...

DOWAMY
pic
1 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar!  Mähriban halkym! Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzyň berkararlygyny, merdana halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylan 2018-nji ýyl bilen hoşlaşýarys. Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2019-njy ýyly uly umyt hem-de şatlyk bilen garşylaýarys. Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyl...

DOWAMY
pic
1 Ýan

Türkmenistanlylar 2019-njy ýyly gülläp ösýän Watana buýsanç bilen garşyladylar

Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçen 2018-nji ýyly uly hormat bilen tamamlady, ol unudylmajak aýdyň wakalara, täze üstünliklere beslendi. Ministrler Kabinetiniň 28-nji dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýş...

DOWAMY
pic
1 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABY HALKARA KOSMOS STANSIÝASYNDA

Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda işleýän, Türkmenistanda doglan Russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko, kosmosda alnan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ” atly kitaby bilen duran suratyny iberdi. Oleg Kononenko biziň ýurdumyza hemişe aýratyn göz bilen garaýandygyny, özüniň Türkmenistan bilen baglanşygynyň bardygyna buýsanýandygyny hem-de onuň üstünliklerine çyn ýürekden begenýändigini belleýär.  2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda başlan özüniň Halkara...

DOWAMY
pic
28 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY

2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda iki döwletiň Ýolbaşçylary birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen hem-de gyrgyz halkaryna abadançylyk we ýurtlarynyň gülläp ösmegini arzuw etdiler. Soňra ýurt Baştutanlary türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek boýu...

DOWAMY
pic
27 Dek

PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN ŞAWKAT MIRZIÝOÝEWIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň döwlet baştutanlary pursatdan peýdalanyp, biri-birini ýetip gelýän Täze 2019-njy ýyl bilen gutlap, jan saglygyny hem-de iki halkyň bähbidine alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler esasyny hoşniýetli g...

DOWAMY
pic
27 Dek

Pudaklaýyn forumlar — 2018: «Açyk gapylar» we oňyn Bitaraplyk syýasaty

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bu Kararnamalar 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasynda möhüm orny eýeleýän Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, milli Lid...

DOWAMY