SOŇKY HABARLAR
GERMANIÝA YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ DOLANDYRYJY MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerin...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy. Prezident diplomaty, hormatly we jogapkärçilikli işe başlamagy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň doganlyk döwletlerdigini belledi we iki ýurduň gatnaşyklarynyň birek-birege ynamly alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde, iki döwletiň ýol...
AŞGABAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdujabar Abduwahitowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagtynda boldy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garaldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary ara alnyp...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAKUDA GEÇIRILEN GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň: «Durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy höweslendirmek» atly aralyk ministrleriň derejesindäki maslahat geçirildi. 2018-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýokary wezipeli şahslaryň derejesinde mejlis geçirildi. Ministrleriň maslahatyna Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýan, şeýle hem bu guramada synçy statusy b...
TÜRKMENISTAN WE KOREÝA HALK DEMOKRATIK RESPUBLIKASY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Li Ýon Ho bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerip taraplar geljekde olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Şu jähtden taraplar özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny ösdü...
MINSKDE GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň...
ESTONIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Astana ş.) jenap Heýti Mýaýemýees bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmeginiň meseleleri babatda pikirleri alyşdylar. Taraplar Tü...