SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE IORDAN HAŞEMIT PATYŞALYGY SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
2018-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti gulluk iş saparynda boldylar. 4-nji aprelde Amman şäherinde Daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler boldy. Bu syýasy geňeşmelere Iordan tarapyndan bu ýurduň Daşary işler we ekspatriantlar ministrliginiň Baş Sekretary Zaýed Al Loziniň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna seredildi we Türkmenistan bilen Iordan Haşemit Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklary...
ÝHHG-NIŇ BILERMENLERI TÜRKMENISTANYŇ HÄZIRKI ZAMAN DÜNÝÄSINDE WEHIMLERE WE HOWPLARA GARŞY GÖREŞDE NETIJELI TEJRIBESINI BELLEDILER
2018-nji ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabatda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan çärä gatnaşmaga Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de terrorçylyga garş...
BAGDATDA TÜRKMEN-YRAK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Bagdat şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň başynda 2017-nji ýylyň 25-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň birinji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seljerme berildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ NOBATDAN DAŞARY VIII GURULTAÝY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu...
HANOÝDA ILKINJI TÜRKMEN-WÝETNAM SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde (Hanoý ş.) iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ilkinji türkmen-wýetnam syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda wýetnam wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Buý Than Şon baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekk...
SEULDA TÜRKMEN-KOREÝA GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine resmi sapary amala aşyryldy. Saparyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri hanym Kan Gýon Hwa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar we olaryň ýokary depgin bilen ösýändigini bellediler. Şeýle hem syýasy gatnaşyklary berkitmegiň, s...
TÜRKMENISTANDA ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ BIRINJI SENAGAT SERGISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 29-njy martynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi öz işine başlady. Sergini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda Söwda-senagat edarasy gurady. Bu çärä gatnaşmak üçin Özbegistanyň köpugurly senagat ulgamyna wekilçilik edýän 70-den gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň 250 wekilinden ybarat bolan wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Serginiň açylyş dabarasyna Me...